Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY<br>«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY<br>«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda

view-icon 14625
I. 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 39-njy madda; 2016 ý., № 1, 64-nji madda; 2017 ý., № 1, 16-njy we 31-nji maddalar, № 4, 145-nji madda) 28-nji maddasyna şu mazmunly bölegi goşmaly:

«8. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda gullugy geçýän ýa-da geçen harby ady bolan raýat Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilen wagty oňa ýörite at hünär synagy toparynyň netijesi esasynda, onda bar bolan harby ady göz öňünde tutulyp dakylýar.

Şunda içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilen raýata gulluk ýyllary boýunça pensiýa bellemek, ýörite atda gulluk etmeginiň möhletini hasaplamak, döwlet sylaglary, pudaklaryň tapawutlandyryş nyşanlary we beýleki sylaglar bilen sylaglamak, gulluk eden ýyllary boýunça goşmaça hak tölemek üçin, onuň içeri işler edaralarynda gulluk eden ýyllary hasaplananda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda, harby we içeri işler edaralarynda gulluk eden döwürlerini, şeýle hem şol döwürde ýeňillikli hasaplanan gulluk möhletlerini hem nazara almak bilen hasaplanýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.